Emine Erdogan Türkiýä Getirilen Ukrainaly  Ýetim Çagalar Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdoganyň maşgalasy Emine Erdogan Ukrainadan Türkiýä getirilen ýetim çagalaryň ynamdar ellerdedigini beýan etdi.

1913356
Emine Erdogan Türkiýä Getirilen Ukrainaly  Ýetim Çagalar Bilen Duşuşdy
emine erdogan ukraynali yetim cocuk.jpg
emine erdogan ukraynali yetim cocuk.jpg
emine erdogan ukraynali yetim cocuk.jpg
emine erdogan ukraynali yetim cocuk.jpg

Emine Erdogan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň maşgalasy Olena Zelenskaýa bilen 2-nji oktýabrda Stambulda geçiren duşuşygynda ylalaşylan ewakuasiýanyň çäginde Odessa Soneçko çagalar öýünden paýtagt Ankara getirilen ýetim çagalar we enekeleri bilen Maşgala we sosial üpjünçilik ministrliginiň çagalar öýünde duşuşdy.

Emine Erdogan çagalaryň rehabilitasiýa tapgyry hakynda resmilerden maglumat aldy.

Çagalar bilen ýeke-ýekeden gyzyklanan, olar bilen söhbetdeş bolan we oýunjak sowgat eden Emine Erdogan, ýarawsuzlanan 7 ýaşly çaganyň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Duýguly pursatlaryň başdan geçirilen duşuşygynda çagalar Emine Erdogana ýakyn gyzyklanma bildirdiler.

Çagalar öýüniň okuw, oýun we ýatylýan otaglaryna baryp gören Emine Erdoganyň çagalardan biri bilen eden gyzgyn dialogy ünsleri çekdi.

Ukrainanyň Türkiýedäki İlçisi Wasyl Bodnaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ýadygärlik surat aldyryldy.

Emine Erdogan Ukrainada agyr şertlerde ýaşaýan çagalaryň ewakuasiýasy bilen bagşy işleriň dowam etjekdigini, Türkiýäniň elmydama kömek bermäge taýýardygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar