Prezident Erdogan Mugallymlar Bilen Duşuşdy

“Mugallymlarymyzy nyşana alanlary derbi-dagyn ederis. Ýurdumyza abanýan terror howpuny dolulygyna ortadan aýyrarys”

1910688
Prezident Erdogan Mugallymlar Bilen Duşuşdy

Prezident R. T. Erdogan, “Mugallymlarymyzy nyşana alanlary derbi-dagyn ederis. Ýurdumyza abanýan terror howpuny dolulygyna ortadan aýyrarys”diýdi.

Erdogan, Mugallymlar güni mynasibetli 81 welaýatdan paýtagt Ankara gelen mugallymlar bilen Beştepe sergi zalynda naharda duşuşdy.

“Ýaragly güýçlerimiz, Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda geçirýän howa hüjümleri bilen terror öýjüklerini derbi-dagyn edýär” diýen Erdogan, “Nirede terrorçy bar bolsa bu halkyň howpsyzlyk güýçleri, esgerleri we polisi şol ýere barar. Gabarada bararys, Juda hem bararys, Tendürege hem bararys. Terror nirede bolsa biz şol ýere bararys” diýdi.

Prezident Erdogan “Biziň mugallymlarymyzy nyşana alanlary derbi-dagyn ederis. Ýurdumyza abanýan howpy dolulygyna ortadan aýyrýançak serhetlerimiziň içinde we daşarynda terrora garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdireris. Perzentlerimiziň asuda ýagdaýda ýaşamaklary üçin elimizden geleni ederis” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar