Türkiyäniň Düzje welaýatynda 5,9 bal ululygynda ýer titreme boldy

Türkiyäniň Düzje welaýatynyň Gölýaka etrabynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 50 adam ýaralandy

1909866
Türkiyäniň Düzje welaýatynda 5,9 bal ululygynda ýer titreme boldy

Düzje welaýatynda Türkiýäniň wagty bilen sagat 04:08-de 5,9 bal ululygynda ýer titreme boldy. 

Ýer titremede 1-iniň saglyk ýagdaýy agyr jemi 50 adam ýaralandy. 

Ýer titreme Stambul we paýtagt Ankara şäherleri başda bolmak bilen golaýdaky welaýatlarda duýuldy. 

Düzje welaýatynyň gubernatory Jewdet Ataý, mekdeplerde 1 günlük dynç alyş güni hökmünde yglan edilendigini habar berdi. 

 



Degişli Habarlar