“Penje” Operasiýalarynda 1441 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türk ýaragly güýçleriniň, Yragyň demirgazygynda alyp barýan “Penje” operasiýalarynda terror guramasyna uly zarba uruldy
Milli Goranmak ministrligi, 2019-njy ýyldan bäri Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje” operasiýalarynyň çäginde 1441 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Türk ýaragly güýçleriniň, Yragyň demirgazygynda alyp barýan “Penje” operasiýalarynda terror guramasyna uly zarba urlandygy nygtaldy.
2019-njy ýylda Hakurkda başlan we Sinat-Haftanin, Metina we Awaşin-Basýan we Zap bilen dowam eden operasiýalarya soňky gezek “Penje Gylyç” operasiýasynyň goşulandygy ýatladyldy.
“Penje” operasiýalarynyň çäginde 2019-njy ýyldan bäri 1441 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.