Türkiýe G20-ä Goşant Goşmaga Dowam Eder

Indoneziýada geçirilen G20-niň Liderleriniň Maslahatyndan Türkiýä dolanyp gelen Prezident Erdogan G20-ä goşant goşmaga dowam etjekdiklerini beýan etdi.

1907210
Türkiýe G20-ä Goşant Goşmaga Dowam Eder

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “G20-niň Liderleriniň Maslahaty mynasybetli Indoneziýa guran saparymyzy tamamlap ýurdumuza dolanyp geldik. Türkiýe global derejede başdan geçirilýän meselelerde liderlik borjuny berjaý edýän G20-ä goşant goşmaga dowam eder” diýip ýazdy.

Erdogan habarnamasynda türk baýdagy bilen G20-niň Liderleriniň Maslahatynyň çäginde geçiren duşuşyklarynda alynan fotosuratlar bilen wideo ýazgylara hem orun berdi.

G20-niň Liderleriniň 17-nji Malahaty “Bilelikde Ösüş-Güýçli Ösüş” temasy bilen Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilipdi.



Degişli Habarlar