Prezident Erdogan Şu Gün Samarkanda Gitdi

Erdogan, Türk Döwletleri Guramasynyň VIIII Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Özbegistanyň Samarkand şäherine gitdi

1904459
Prezident Erdogan Şu Gün Samarkanda Gitdi

Prezident R. T. Erdogan, Türk Döwletleri Guramasynyň VIIII Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Özbegistanyň Samarkand şäherine gitdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, “Türk medeniýeti üçin täze döwür: Bilelikde Galkynyşa we Eşretli Gelejege tarap” temasy bilen geçiriljek maslahatda, Özbegistan Türk Döwletleri guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny Türkiýeden kabul edip alar.

Maslahatda 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul sammitinde kabul edilen we guramanyň 20 ýyllyk iş meýilnamasyny kesgitleýän, guramanyň geljek 5 ýylda durmuşa geçirjek işlerini öz içine alýan möhüm kararlar kabul ediler.

Prezident Erdogan sammitiň gurama agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn ösdürilmegi meselesine garaljak oturlyşygynda çykyş eder.

Prezident Erdoganyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň liderleriň bilen özara duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar