Erdogan Atatürki Hatyralap Habarnama Berdi

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gahryman Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykanyna 84 ýyl doldy.

1904621
Erdogan Atatürki Hatyralap Habarnama Berdi

Prezident R.T.Erdogan M.Atatürki dünýeden öten gününiň 84-nji ýylynda sosial media hasabyndan sagat 09:05-de beren habarnamasy bilen hatyralady.

Prezident Erdogan habarnamasynda; “Garaşsyzlyk göreşimiziň serkerdebaşysy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman M.K. Atatürki baky dünýä göçmeginiň 84-nji ýylynda hormat, rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýaryn” diýip ýazdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop hem çap eden ýüzlenmesinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji başlyğy, milli azat edijilik göreşiniň Serkerdebaşysy, ilkinji Prezident Gahryman Mustafa Kemal Atatürki aradan çykan gününiň 84-nji ýylynda rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralaýandyklaryny nygtap; “Milli aýratynlygymyzy soňsuzlyga çenli erkin we garaşsyz dowam etdirmek ugrunda, parasatlylyk we batyrgaýlyk bilen karar kabul eden Gahryman M.K.Atatürk bize “iň beýik eseri” Respublikany miras goýup gitdi. Türkiýe Respublikasy milletimizin mizemez jebisligi we elmydama “doly garaşsyzlyk” ynamy bilen baky ýaşamaga dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar