Mewlüt Çawuşogly Ýens Stoltenberg Bilen Duşuşdy

Çawuşogly bilen Stoltenberg özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1901950
Mewlüt Çawuşogly Ýens Stoltenberg Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen Türkiýä gelen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Stoltenberg özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Beýannamasynda Şwesiýa we Finlýandiýanyň NATO agzalyk etaby hakynda durup geçen Mewlüt Çawuşoly “Türkiýe bilen teswirnama baglaşan Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň terrora garşy göreş bize doly goldaw berýändiklerini aýdyp bilmerin” diýdi.

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO-nyň Madritde geçirlen maslahatynyň çäginde 28-nji iýunda üçtaraplaýyn ylalaşyk teswirnamasyny baglaşandygyny ýatladan Ministr Çawuşogly, şol teswirnamada Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň NATO doly agza bolmagy üçin durmuşa geçirjek işlerine ýer berlendigini nygtady.

Bu meselede käbir işleriň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny ýatladan Çawuşogly “Şwesiýanyň Türkiýä goýan ýarag embargosyny bes etmegi elbetde möhüm. Hatda bu meselede iki firmamyzyň eden ýüz tutmasyna oňyn garadylar. Beýleki tarapdan kanuna üýtgetme girizdiler. Emma ylalaşygyň şertleriniň iki ýurt tarapyndan doly ýerine ýetirilýändigini aýtmak mümkin däl” diýdi.

Türkiýäniň NATO-nyň giňelmegine uly goldaw berýändigini aýdan Çawuşogly, Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň terrora garşy göreşde içgin hereket etmegini isleýändiklerini belledi.

“Türkiýe NATO-nyň esasy hyzmatdaşy”diýen NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bolsa Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň terrora garşy göreş meselesinde Ankaranyň aladalaryny ortadan aýyrjakdygyny aýtdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar