Mustafa Şentop 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Wise-prezident Fuat Oktaý we Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

1899376
Mustafa Şentop 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Türkiyäniň Beýik Millet mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop gutlag ýüzlenmesinde: "Respublikanyň 99-njy ýylyna ýetmeginiň şatlygyny başymyzdan geçirýäris" diýip habar berdi. 

Wise-prezident Fuat Oktaý hem gutlag ýüzlenme çap edip: "Ata-babalarymyzyň mirasyna eýe çykýarys, ynamly ädimler bilen Respublikanyň 100-nji ýylyna tarap barýarys" diýip belledi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berip: "Respublikamyz täze asyry gujaklamaga taýar. Türkiýe Asyry özüne bolan ynamyň we täze gözýetimleriň asyrydyr" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar