“Parahatçylygyň Utdurany Bolmaz”

Prezident R.T.Erdogan Azerbaýjana guran bir günlük saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

1895988
“Parahatçylygyň Utdurany Bolmaz”

Erdogan 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi hakynda; “Men parahatçylygyň utduranynyň bolmajakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Saparynda özara gatnaşyklar, sebitleýin we halkara meseleler hakynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen pikir alyşandyklaryny beýan eden Erdogan; “Günorta Kawkaz boýunça bilelikdäki garaýyşymyzyň parahatçylyk, durnuklylyk we galkynyş esasasynda beýgelýändigini ýene-de bir gezek nygtadyk. Serhetleriň kesgitlenmegi, Nahiçewanyň we Azerbaýjanyň günbatar sebitleriniň arasyndaki arabaglanşyk ýolunyň açylmagy hem-de ýaraşyk şertnamasynyň baglaşylmagy sebitiň kadalaşmagy üçin möhüm başlangyçlar bolar. Uly ýitgiler çekilenden soň sebitde durnukly parahatçylyk üçin şert döredi. Biz içginlik bilen Ermenistanyň bu taryhy şertden peýdalanmagyna garaşýarys. Azerbaýjan-Ermenistan gepleşiklerinden netije almak Türkiýe-Ermenistan gatnaşyklarynyň kadalaşmagyna hem oňyn goşandy bolar” diýdi.

Erdogan galla eksporty ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagy hakynda bolsa; “Möhletiň uzaldylmagynyň önünde haýsydyr bir bökdençlik ýok. Zelenskiý we Putin bilen geçiren gepleşiklerimde-de ony gördüm. Bökdençlik bolaýda-da ony ortadan aýyrmazlyk üçin sebäp ýok” diýdi.

Prezident Erdogan Russiýa-Ukraina söweşinde Türkiýäniň töwellaçy pozisiýasy hakynda bolsa, Putiniň häzirki wagtda ozalkylara görä has mylaýym, gepleşiklere açykdygyny nygtap; “Biz umytsyz däl. Sebäbi iki tarap hem uly ýitgiler çekýär. Men parahatçylygyň utduranynyň bolmajakdygyna ynanýaryn” diýdi.

ABŞ-dan F-16 harby uçarlarynyň alynmağy hakynda-da durup geçen Erdogan, NATO-nyň Goranmak ministrleriniň geçen hepde guralan maslahatynda Baş sekretar Ýens Stoltenbergiň F-16 uçarlarynyň Türkiýä berilmeginiň diňe bir Türkiýe üçin däl, eýsem NATO üçin hem möhümdigini, Türkiýe nädereje güýçli bolsa, NATO-nyň hem şonça güýçli boljakdygyny beýan edendigini ýatlatdy.

Erdogan, Şwesiýanyň FETO-çy gaçgaklaryny öý tussaglygyna almagy hakynda bolsa, Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristerssonyň özi bilen duşuşmak isleýändigini belläp; “Täze Premýer-ministr terrorizme we terroristlere garşy göreşmegiň tarapynda durýar, onun içginligini duşuşykda göreris” diýdi.

 



Degişli Habarlar