Türkiýe Zyňylymy Doly Aýyrmak Üçin Degişli Başlangyçlary Dowam Etdirer

Prezident R.T.Erdogan howa üýtgemegine garşy alynyp barylýan göreşde esasy maksat hökmünde kesgitlenen “2053-nji ýylda zyňylymy doly aýyrmak üçin” degişli başlangyçlary dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

1895344
Türkiýe Zyňylymy Doly Aýyrmak Üçin Degişli Başlangyçlary Dowam Etdirer

Prezident Erdogan “Anadoly” habarlar gullugy tarapyndan Stambulda guralan Daşky gurşaw forumyna ugradan ýüzlenmesinde senagatlaşmanyň, tehnologik ösüşleriň we  adam sebäpli ýüze çykýan täsirleriň gynansagam daşky gurşawa zyýan ýetirýändigini, onuň täsirleriniň dünýäde ýylsaýyn has agyr duýulýandygyny beýan etdi.

Wagtynda we ýeterlik çäre görülmese daşky gurşaw pajygalarynyň, howanyň hapalanmagynyň, suw we azyk howpsuzlygy bilen bioköpgörnüşliligiň azalmagynyň öwezi dolunmasyz derejelere ýetjekdigine ünsi çeken Erdogan, tebigada uly zyýan ýetirýän ýurtlaryň uly jogapkärçilikleri öz üstüne almagynyň, bu ugurdaky tagallalara ýokary goldaw bermeginiň möhümdigini beýan etdi.

Türkiýäniň soňky 20 ýylda tebigaty we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirleriniň öňüni almak üçin taryhy häsýetli başlangyçlary iş ýüzüne geçirendiklerini aýdan Prezident Erdogan: “Türkiýe gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda Ýewrpada 5-nji, dünýäde 12-nji orna göterildi. Tokaý giňişligimizi 23 million gekdara ýetirip, Ýewropada birinji orny eýeledik. Ýurdumyzyň ilkinji ýerli awtoulagy “TOGG-y” elektrikli görnüşde dizaýn etmek hem daşky gurşawy aýawly saklamakdan gelip çykýan jogapkärçiligimize görä çemeleşdik. Geçen ýyl Pariž Konwensiýasyny Mejlisimizde tassyklap, howanyň üýtgemegine garşy göreşimiziň depginini güýçlendirdik” diýdi.

 



Degişli Habarlar