Türkiyäniň Prezidentiniň Azerbaýjan sapary dowam edýär

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda Azerbaýjanyň Zengilan şäherine bardy

1895615
Türkiyäniň Prezidentiniň Azerbaýjan sapary dowam edýär
erdoğan aliyev.jpg
erdoğan aliyev 1.jpg

Düzüminde Prezident Erdogan bolan uçar Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan azat edilen topraklarda türk kärhanalaryň goldaw bermeginde gurulan 2-nji howa menzili bolan Zengilan halkara howa menziline bardy.  

Ol ýerde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan garşylanan Prezident Rejep Taýýip Erdogan, gurluşygy tamamlanan howa menziline gonan ilkinji Döwlet baştutany boldy. 

Täze howa menziliniň açylyşyny ýerine ýetiren Erdogana we Aliýewe, howa menziliniň simwoliki açary gowşuryldy. 

Erdogan we Aliýew howa menzilindäki dabaradan soň, Dost Agropark Zengilan Akylly Oba hojalyk obasy taslamasynyň ilkinji etabynyň açylyşyny amala aşyrdylar. 

Ondan soň Jebraýyl şäherine geçip, Kumlak otly bekediniň düýbüni tutan iki lider, soň bolsa Azerbaýjan-Türkiye Halkara oba-hojalyk bilim merkezi bilen Akylly Tokaýçylyk we Dostluk tokaý kompleksiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. 



Degişli Habarlar