Fatih Dönmez Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Russiýanyň energetika kärhanasy Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşyk geçirdi

1892152
Fatih Dönmez Gazpromyň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşyk geçirdi

Gazprom tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez bilen Gazprom kärhanasynyň başlygy Alekseý Milleriň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen "Rus Energetika hepdeliginiň" çäginde duşuşyk geçirendikleri habar berildi.  

Beýanatda: "Rus gazy Türkiyä "Mawy Akym" we "Türk Akym" gaz geçiriji turba taslamalarynyň üsti bilen howpsuz ýagdaýda eksport edilýär" diýip mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Gazprom kärhanasynyň başlygy Alekseý Miller, rus tebigy gazynyň eksporty üçin Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi serhediniň golaýynda bir gaz paýlaýyş merkezini döretmegi gözden geçirjekdiklerini aýan etdi. 

"Rus Energetika hepdeliginiň" çäginde geçirilen maslahatda çykyş eden Miller: "Gazprom täze gaz geçiriji desgalary gurmak üçin tehniki ýagdaýda taýar. Bir paýlanşyk merkezi bilen bagly bolsa, ÝB bilen Türkiýäniň serhetleriniň golaýynda bir gaz söwda zolagynyň emele getirilmegi meselesini gözden geçirmegimiz gerek" diýip belledi. 

Alekseý Miller beýanatyny, düýn Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň başdan geçirilen meçew bermeler netijesinde ulanyp bolmajak ýagdaýa gelen Demirgazyk Akym gaz geçiriji turba taslamalarynyň üsti bilen eksport edilip bilinmeýän tebigy gazyň, Türkiyeden Ýewropa akdyrylyp bilinjekdigini aýan etmeginden soň bermegi ünsleri özüne çekdi. 



Degişli Habarlar