Yrakda Saklanan Terrorçy Türkiýä Getirildi

Çiýager Mamhuri lakamly Çekdar Kaýa, Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan Yrakdan Türkiýä getirildi

1890552
Yrakda Saklanan Terrorçy Türkiýä Getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK/KJK-nyň ýolbaşçylaryndan biridigi aýdylýan Çiýager Mamhuri lakamly Çekdar Kaýa, Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan Yrakdan Türkiýä getirildi.

Howpsyzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, Kaýa, terror guramasy PKK/KJK-nyň hataryna 2015-nji ýylda goşuldy.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrapçasynda 2016-njy, Sinjarda bolsa 2017-nji ýylda terrorçylykly hüjümler gurandan soň terror guramasy PKK/KJK-nyň Sinjardan jogapkär ýolbaşçylaryndan biri hökmünde iş alyp barandygy aýdylýan terrorçy Çekdar Kaýa, Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan Yragyň demirgazygynda guralan operasiýada saklanypdy.

 



Degişli Habarlar