Erdogan Pragada Möhüm Beýanatlar Berdi

Prezident R.T.Erdogan Gresiýanyň hökümetiniň syýasatlarynyň ýalana esaslanýandygyny nygtap, Siriýanyň döwlet Ýolbaşçysy Başar Asad bilen duşuşma ähtimallygynyň bolup biljekdigini beýan etdi.

1889540
Erdogan Pragada Möhüm Beýanatlar Berdi

Prezident Erdogan Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň Çehiýadaky maslahatyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Dünýäde başdan geçirilýän wakalaryn Türkiýäniň ÝB we Ýewropa üçin möhüm ähmiýetli ýurtlardan biridigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtan Erdogan; “Bileleşigiň käbir agzalarynyň Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýerine dartgynlyklary güýçlendirýändigini görýäris. Şuny nygtasym gelýär; Türkiýäniň haýsydyr bir ýurduň özygtyýarlylygynda, hakynda we hukugynda gözi ýok. Biz öz ýurdumyzyň we Kipr türkleriniň bähbitlerini goramak ugrunda göreşýäris. Hiç kim bilen, goňşularymyzyň hiç haýsysy bilen dartgynlyk islemeýäris. Gündogar Ortaýer we Egeý deňizi meselelerini halkara hukuk kadalaryna laýyklykda çözmek isleýändigimizi ençeme gezek beýan etdik. Durnukly çözgüt üçin Kipr adasyndaky hakykatlar kabul edilmeli” diýdi.

Erdogan Gresiýanyň Türkiýä boýunça meçew beriji başlangyçlary bilen bagly soraga jogap berýärkä Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakisi tankyt edip; “Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň mejlislerinde eden çykyşymdan onuň aly hezreti biynjalyk bolupdyr. Bularyň syýasatlary ýalana esaslanýar, dürüstlik ýok. “Geliň kenarýaka ýurtlarynyň duşuşygyny geçireliň”  diýsek, oňyn garamaýarlar. Ara birnäçe ýurdy goşýarlar. Biziň hem Gresiýa bilen geňeşere meselämiz ýok, wagtyň geçmegi bilen men duşuşmaga pursat tapjakdygymyzy tama edýärin” diýdi.

Prezident Erdogan başga bir soraga bosla; “Wagty gelende biz Siriýanyň Prezidenti bilenem duşuşyp bileris. Häzirki wagtda onsuz hem aşakky derejelerde gepleşikler geçirilýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar