Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

1889851
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Putine, Ukraina meselesiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýardyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar