Erdogan Praga Bardy

Prezident R. T. Erdogan maslahatyň öňüsyrasynda liderler bilen duşuşdy.

1889462
Erdogan Praga Bardy
erdogan cekya aliyev-pasinyan.jpg
erdogan macron cekya.jpg

Ýewropa Syýasy Bileleşiginiň maslahatyna gatnaşmak üçin Çehiýanyň paýtagty Praga giden Prezident R. T. Erdogan maslahatyň öňüsyrasynda liderler bilen duşuşdy.

Maslahatyň geçiriljek ýeri bolan Praga Galasyna giden Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen söhbet etdi.

Erdogan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem duşuşdy.

Prezident Erdogan ÝB-ne agza 27 ýurt bilen ÝB-ne agza däl 17 Ýewropa ýurdunyň çagyrlan maslahatynda “Parahatçylyk we howpsyzlyk” temaly oturlyşyklara gatnaşar.

Ýewropanyň Syýasy Bileleşiginiň döredilmegi pikiri Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan üstümizdäki ýylyň maý aýynda öňe sürülipdi.

Maslahatyň Ýewropa materiginde syýasy geňeşme maslahaty bolmagy islenilýär.

 

 



Degişli Habarlar