Türkiye Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgardy

Daşary işler ministrligi Kabulda bilim merkezleriniň biriniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjüm bilen bagly ýazmaça beýannama çap etdi

1887046
Türkiye Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde bilim merkezleriniň biriniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýandyklaryny habar berdi. 

Daşary işler ministrligi Kabulda bilim merkezleriniň biriniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjüm bilen bagly ýazmaça beýannama çap etdi. 

Beýanatda Kabulda bilim merkeziniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümde okuwçylar bilen birlikde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Adamkärçiliksiz bu terrorçylykly hüjümi iň berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýogalanlaryň maşgalalary we Owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar