MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi

Milli howpsuzlyk geňşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Ankarada geçirildi.

1885964
MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi

Mejlisden soň çap edilen jarnamada, Gresiýanyň soňky döwürde artan meçew bermeleriniň seljerilendigi beýan edilýär.

Jarnamada; “Gresiýanyň netijesiz tagallalaryna garşy milletimiziň bähbitleriniň goralmagy üçin ähli kanuny ýollary we serişdeleri ulanmakdan çekinmejekdigimiz nygtaldy. Harby hukuk derejesi bolmadyk adalaryň ýaraglandyrylmagy üçin Gresiýany goldaýan töwerekler parasatly çemeleşmäge çagyryldy” diýdilýär.

ABŞ-nyň Günorta Kipre goýlan ýarag embargosuny aýyrmak hakyndaky kararyna üns çekilýäň jarnamada; “Ýaranlyk ruhuna bap gelmeýän bu karardan el çekilmegi üçin çagyryş edildi. Kipr türkleriniň hukuklarynyň goralmagy üçin egilşik edilmejekdigi nygtalyp, ähli ýurtlar Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyny ykrar etmäge çagyryldy” diýilýär.

 



Degişli Habarlar