Siriýada gyzyl kategoriýadaky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ençeme aksiýanyň buýrugyny beren Sabah Oguryň jigisi PKK/KJK-PÝD/ÝPG-e agza Zahra Ogur atly terrorçy hem 2010-njy ýylda täsirsiz ýagdaýa getirilipdi

1885657
Siriýada gyzyl kategoriýadaky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Içeri işler ministrliginiň Terrordan gözlenýänleriň sanawynda gyzyl kategoriýada ady bolan PKK/KJK-a agza Sabah Ogur atly terrorçy, Siriýanyň Halap şäherinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, PKK/KJK-PÝD/ÝPG-niň Siriýadaky we Yrakdaky kadrlaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen ýakynan gözegçilik astyna aldy. 

Türkiyedäki tokaý ýangynlaryndan jogapkär bolan PKK/KJK-a agza Sabah Ogur, Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýanyň Halap şäherinde geçirilen operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Ençeme aksiýanyň buýrugyny beren Sabah Oguryň jigisi PKK/KJK-PÝD/ÝPG-e agza Zahra Ogur atly terrorçy hem 2010-njy ýylda täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 



Degişli Habarlar