Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1885794
Prezident Erdogan ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşligidne 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde ençeme wagt üstünde işlän Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky zamun çalşygy tapgyrynyň oňyn ýagdaýda netijelenmeginden örän hoşaldygyny beýan etdi. 

Ukraian degişli gallanyň Gara deňiziň üsti bilen eksport edilmegi bilen baglanşykly memorandumyň öz güýjüni goraýandygyny aýdan Prezident Erdogan, şoňa meňzeş çemeleşmäniň Zaparožýe atom bekedi üçin edilip bilinjekdigini, bekediň töwereginde harby güýçlerden saplanan zolagyň emele getirilmegi ugrunda geçiriljek gepleşiklere araçylyk we işleri ýeňilleşdirmek teklibiniň öz güýjüni goraýandygyny aýan etdi. 

Ukrainanyň Russiýanyň gözegçiligi astynda bolan käbir sebitlerde birtaraplaýyn häsýetde referendumlaryň geçirilmeginiň diplomatik tapgyryň janlandyrylmagy bilen bagly tagallalary kynlaşdyryp biljekdigini aýdan Prezident Erdogan, söweşiň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi üçin gerek bolan ähli goşandy goşmaga taýardyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar