PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Geçirilen işleriň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň hataryndan gaçan ýene-de 2 terrorçy Türk Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

1882914
PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiyäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, ministrligiň koordinasiýasynda Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeligi we Içeri işler edarasynyň Baş müdürligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ýene-de 2 terrorçy guramanyň hataryndan gaçyp Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Boýun egen terrorçylaryň 2015-nji ýylda guramanyň hataryna goşulandyklary, Yrakda we Siriýada iş alyp barandyklary anyklandy. 

Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden ozal berilen beýannama görä bolsa, ministrligiň koordinasiýasy esasynda geçirilýän işleriň çäginde, ýene-de 1 terrorçy terror guramasynyň hataryndan gaçyp Türk Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Howpsuzlyk güýçlerine boýun egen terrorçynyň 2010-njy ýylda guramanyň düzümine goşulandygy, Demirgazyk Yrakda iş alyp barandygy anyklandy. 

Edilen tagallalaryň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri boýun egen terrorçylaryň sany 92-ä ýetdi. 



Degişli Habarlar