Prezident Erdogan Nýu-Ýorka Guraýan Iş Saparyny Dowam Etdirýär

Prezident Erdogan Baş Assambleýada eden çykyşyndan soň Iordan Şasy Abdullah II bilen Türköýüne geçdi

1882423
Prezident Erdogan Nýu-Ýorka Guraýan Iş Saparyny Dowam Etdirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident Erdogan iş saparyny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan Baş Assambleýada eden çykyşyndan soň Iordan Şasy Abdullah II bilen Türköýüne geçdi.

Prezident Erdogan Iordan Şasy bilen bolan duşuşygyndan soň Ysraýylyň Premýer-ministri Lapidi kabul etdi.

Kabul edilşikler metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen bolsa telefon arkaly söhbetdeşik geçirdi.

Zelenskiý, telefon söhbetdeşliginden soň sosial media arkaly beren habarnamasynda “Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdik. Aktual howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar