Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly geçen ýyl açylan Türköýünde geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirýär.

1882666
Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Germaniýanyň, Ispaniýanyň we Hindistanyň Daşary işler ministri we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha bilen duşuşdy.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly geçen ýyl açylan Türköýünde geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha bilen duşuşan Mewlüt Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, “Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha bilen yslamafobiýa garşy göreş, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar we guramanyň reforma etaby hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler minisrtri Annalene Berbok we Hindistanyň Daşary işler ministri Subramanýam Žaýşankar bilen hem duşuşan Mewlüt Çawuşogly, soň bolsa Ispaniýanyň Daşary işler ministri Albares Bueno we Medeniýetler arkalaşygynyň ýokary wekili Moratinos bilen üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ozal hem ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we Bolgariýanyň Daşary işler ministri Nikolaý Milkow bilen duşuşypdy.

 



Degişli Habarlar