Erdogan Balkan Ýurtlaryna Gitmezinden Ozal Möhüm Beýanatlar Berdi

Prezident R.T.Erdogan Ýewropanyň gyş aýlaryny kynçylykly geçirjekdigini beýan edip: “Biziň gäzirki wagtda tebigy gaz taýdan hiç hili kynçylygymyz ýok” diýdi.

1876377
Erdogan Balkan Ýurtlaryna Gitmezinden Ozal Möhüm Beýanatlar Berdi

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowina, Serbiýa we Horwatiýa gurajak saparyna uğramazdan ozal Esenboga adyndaky howa menzilinde beýannama berdi.

Erdogan düýpli taryhy we gumanitar hem-de medeni aragatnaşygy bolan sebit bilen gatnaşyklary güýçlendirip, dartgynlyklaryň öňüni almaga çalyşýandylaryny aýtdy.

“Türk İş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyryjy Agentligimiz, Ýunus Emre İnstitutymyz, Magaryf Gaznamyz, Türk Howaýollarymyz, Türkiýe Radio-Telewideniýe Guramamyz, häkimliklerimiz iş ýüzüne geçirýän taslamalary bilen bu sebitiň galkynmagyny goldaýar” diýen Erdogan; “İýun aýynda açylan TRT Balkan habarlar platformasynyň sebitde gepleşilýän dillerde berýän ýaýlymlarynyň möhüm netijeleriniň bardygyny görýäris. Döwletimiziň guramalarynyň ýany bilen jemgyýetçilik guramalarymyzyň, işewürlerimizi hem bizi buýsandyrýan işleri durmuşa geçirmegi kanagatlandyryjy” diýdi.

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi we Russiýa garşy sanksiýalar sebäpli ýüze çykan energetika meselesi hakynda durup geçen Erdogan; “Ýewropa gyşy kynçylykly geçirerer, biziň häzirki wagtda tebigy taýdan haýsydyr bir kynçylygymyz ýok” diýdi.

 



Degişli Habarlar