“Krym Tatarlaryna Berilýän Goldaw Dowam Eder”

“Ukrainanyň territorial bitewiligine we Krym Tatarlarynyň hak-hukuklarynyň goralyp saklanmagyna goldaw bermäge dowam ederis”

1876049
“Krym Tatarlaryna Berilýän Goldaw Dowam Eder”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar we Krym Tatar türk halkynyň lideri we Ukrainanyň halk deputaty Mustafa Abduljemil Krymogly bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamsynda “Ukrainanyň territorial bitewiligine we Krym Tatarlarynyň hak-hukuklarynyň goralyp saklanmagyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar hem Twitterden beren habarnamasynda, Türkiýä guran saparynyň çäginde Ministr Çawuşogly bilen duşuşandygyny we içgin duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirýändigini nygtady.

Jeppar, Prezident R. T. Erdoganyň Krym Platformasynyň 2-nji sammitine gatnaşmagyny we Türkiýäniň Ukrainanyň bitewiligine berýän goldawyny takdyr edýändiklerini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar