Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Terrorçylara degişli gaýtawuly görkezýäris"

1874452
Ýene-de 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýanyň demirgazygynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Terrorçylara degişli gaýtawuly görkezýäris. Siriýanyň demirgazygynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda durnuklylygy bozmak üçin od açan PKK/ÝPG-li 2 terrorçy Türk ýaragly güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 9-y bilen noýabr aýynyň 25-i aralygynda alnyp barylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygy terrordan saplanypdy.

 



Degişli Habarlar