Erdogan: "Türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bagly başladyljak tagallalary takdyr edýärin" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýakyn wagtda başladyljak türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bagly tagallalary takdyr edýändigini we hoşallyk bildirýändigini habar berdi

1874674
Erdogan: "Türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bagly başladyljak tagallalary takdyr edýärin" diýdi

Prezident Erdogan paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde 20 müň mugallymy wezipä bellemek bilen bagly dabarada çykyş etdi. 

Çagalaryň saglykly ýagdaýda bilim almaklaryny, ýaşaýyş-durmuşlaryny we ynsan gatnaşyklaryny dowam etdirmekleri üçin her dürli tagallany edendiklerini we mundan soň hem etjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan, mugallymlardan esasan hem sosial mediada ýaýraýan köpçülikleýin medeni endikleriň zyýanlaryndan çagalary goramaklaryny isledi. 

Ýakyn wagtda başladyljak türk diliniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen bagly tagallalary takdyr edýändigini we hoşallyk bildirýändigini aýdan Prezident Erdogan: "Maksadymyz çagalarymyzyň bizi biz edýän gymmatlyklaryň ähmiýetini has hem gowy bilmeklerini we bu topraklaryň baýlyklaryna has gowy göz ýetirmeklerini üpjün etmekdir. Çagalarymyzyň medeniýetimiziň göterijisi bolan türk dilimizi iň gowy we iň dogry ýagdaýda ulanmak endiklerini edinmeklerini isleýäris" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan täze bellenen mugallymlar bilen birlikde ýurtda iş alyp barýan mugallymlaryň sanyny 1 million 10 müňe ýetirendiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar