Abbas Resmi Sapar Bilen Ankara Geldi

Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas Prezident R.T.Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä geldi.

1871183
Abbas Resmi Sapar Bilen Ankara Geldi

Düýn agşam Ankara gelen Abbas şu gün R.T.Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.

Erdogan ikiçäk duşuşykdan we bilelikdäki metbugat ýygnagyndan soň Abbas üçin resmi agşam naharyny berer.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä resmi duşuşyklarda Türkiýe-Palestina gatnaşyklary, Ysraýyl-Palestina düşnüşmezligi bilen bagly soňky wakalar, aktual sebitleýin we halkara meseleler hakynda pikir alyşylar.

Duşuşyklarda aýratynam Türkiye bilen dost we doganlyk Palestina döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi boýunça mümkinçilikler seljeriler.

Abbasyň Türkiýä sapary ertirem dowam eder.



Degişli Habarlar