Erdogan Gepleşiklerde Töwellaçy Bolmaga Taýýardyklaryny Beýan Etdi

Erdogan Lwowda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

1869811
Erdogan Gepleşiklerde Töwellaçy Bolmaga Taýýardyklaryny Beýan Etdi

Prezident R.T.Erdogan Lwowda Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen metbugat ýygnagyny geçirdi.

Erdogan: “Bar mesele gepleşik stoluna barýan iň gysga we adalatly ýoly kesgitlemek” diýip, töwellaçylyk etmäge taýýardyklaryny beýan etdi.

Ukrainanyň Lwow şäherinde Zelenskiý we Guterriş bilen üçtaraplaýyn duşuşykdan soň bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdogan; “Stambulda kesgitlenen parametrlere laýyklykda gepleşikleriň dikeldilmegi üçin ýeňilleşdiriji ýa-da töwellaçy pozisiýa eýelemäge biz taýýar” diýdi.

Meseläniň gepleşik stoluna barýan iň gysga we adalatly kesgitlemekden ybaratdygyny nygtan Erdogan, diplomatik tapgyryň dikeldilmegi üçin halkara jemgyýetiliginiň goldawynyň möhümdigine ünsi çekip, söweşiň gepleşik stolunda gutarjakdygyny aýtdy.

Erdogan aýratynam; “Zaporožiýe atom bekediniň golaýynda dowam edýän çaknyşyklara alada bildirdik. Jernobyl pajygasynyň gaýtalanmagyny islemeýäris” diýdi.

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Prezident Erdogan bilen metbugat ýygnagyndan ozal geçiren özara duşuşygyndan soň ýazmaça beýannama berdi.

Zelenskiý Prezident Erdoganyň saparyny güýçli goldaw ýüzlenmesi hökmünde häsýetlendirip; “Türkiýäniň Prezidentiniň Ukraina sapary şeýle güýçli ýurtdan gelen güýçli goldaw ýüzlenmesidir” diýdi.



Degişli Habarlar