Prezident Erdogan Çorumda terrora garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan terrora garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini berdi

1867528
Prezident Erdogan Çorumda terrora garşy göreşde tutanýerlilik ýüzlenmesini berdi

Prezident Erdogan düýn Çorumda köpçülikleýin açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Türkiýä hyzmat bermek ugrunda asla yza ädim etmändiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Hüjümlere sezewar galsagam hemişe has gowa we owadana ýetmek ugrunda göreş alyp bardyk. Ýol, daşky gurşaw, ýaşaýyş jaý taslamalary bilen şäherlerimizi ýaňadandan aýaga galdyrdyk. Gije gündiz diýmän zähmet çekdik. Ýurdumyzyň her garyş topragynda möhürimiziň bardygyny görýäris. Biz eser döredýäris, hyzmat berýäris, milletimiziň dertlerine derman bolýarys" diýip nygtady. 

"Käwagt Ukrainadadyrys, käwagt Russiýadadyrys. Näme üçin? Sebäbi biz Türkiýediris diýip aýdan Erdogan: "Terror batgalygyny guratmak üçin serhetaşa terrorçylaryň depelerine inýäris. Ony başgalaryň ýaraglary bilen däl, eýsem biz tarapyndan öndürilen ýaraglar we dikuçarlarymyz bilen amala aşyrýarys" diýip belledi. 

Türkiýäniň ähli ugurlar boýunça uly sepgide ýetendigini aýdan Erdogan, hadysalara tribunadan tomaşa etmegiň ýerine çözüw tapýandyklaryny mälim etdi. 

Soňky ýyllarda tebigy gaz gözleg işlerini tizleşdirendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "4 sany buraw gämimiz bar. Tebigy gaz çykarmaga başlan pursadymyzdan başlap, bu ýurt başga bolar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar