Türkiýe-Sloweniýa Gatnaşyklary Ähli Taraplaýyn Öser

Prezident R.T.Erdogan resmi sapar bilen gelen Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen duşuşdy.

1866341
Türkiýe-Sloweniýa Gatnaşyklary Ähli Taraplaýyn Öser

Prezident R.T.Erdogan Sloweniýa bilen dostluga we strategik ýaranlyga esaslanýan arkalaşygyň, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyry bilen bilelikde ähli ugurda hasam ösjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan paýtagt Ankara resmi sapar bilen gelen Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen ikiçäk hem-de toparara duşuşyklardan we ylalaşyklara gol çekiş dabarasyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň açylmagynyň 30-njy ýylyny belläp geçýändiklerini beýan eden Prezident Erdogan, duşuşyklarda özara gatnaşyklary giňişleýin seljerendiklerini, hyzmatdaşlygyň ykdysadyýet, söwda, senagat, ylym, tehnologiýa, ulaglar we beýleki ähli ugurlarda ösdürilmegine kanagatlanma bildirýändillerini aýtdy.

Erdogan: “Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk sebitleýin parahatçylyga hem-de durnuklylyga uly goşant goşýar. Dostluk, ýaranlyk we strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösýän arkalaşygymyzyň gelejekde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyry bilen bilelikde ähli ugurda hasam güýçlenjekdigine ynanýaryn” diýdi.

Erdogan bilen özara ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşandyklaryny nygtan Sloweniýanyň Prezidenti Pahor bolsa, özara gatnaşyklarda çözülmedik haýsydyr bir meseläniň ýokdugyna ünsi çekip; “Hem syýasy hem ykdysady hem-de beýleki ugurlarda nusgawy gatnaşyklarymyz bar” diýdi.



Degişli Habarlar