“Ýokary Derejeli Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Nobatdaky Maslahaty Üçin Putini Türkiýä Çagyrdym”

Erdogan, gepleşik we hyzmatdaşlyk arkaly türk-rus gatnaşyklaryna garşy bolan tutumlaryň hötdesinden gelýändiklerini nygtady.

1864534
“Ýokary Derejeli Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Nobatdaky Maslahaty Üçin Putini Türkiýä Çagyrdym”

Prezident R. T. Erdogan, düýn Russiýanyň Soçi şäherinde kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygy hakynda uçarda metbugata beýannama berdi.

Putin bilen özara gatnaşyklar we halkara meseleler hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny nygtan Putin, Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynyň Türkiýede geçirilmegi üçin Putini çagyrandygyny ýatlatdy.

Erdogan, gepleşik we hyzmatdaşlyk arkaly türk-rus gatnaşyklaryna garşy bolan tutumlaryň hötdesinden gelýändiklerini nygtady.

Özara söwda gatnaşyklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny nygtan Erdogan, “Jenap Putin bilen söwda gatnaşyklarynda rus pul birligi gublyň ulanylmagy meselesinde ylalaşyk gazandyk. Russiýanyň Mir kary bar. Biziň 5 bankymyz şol kartyň üstünde işleýär. Russiýadan gelen syýahatçylar üçin bu diýseň amatly bolar” diýdi.

Siriýa ornaşan terror guramalaryna garşy göriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Erdogan, Siriýanyň territorial bitewiligine wehim salýan, siriýanyň halky bilen birlikde esgere, polise we howpsyzlyk güýçlerine, asuda ilata garşy hüjümler guraýan terrorçylara garşy alnyp barylýan bilelikdäki göreşiň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.

Prezident Erdogan “Ukraina söweşiniň hiç bir tarap üçin bähbitli bolmajakdygyny başyndan bäri nygtaýaryn. Käbir kynçylyklara garamazdan krizisiň gepleşik arkaly çözüljekdigine ynanýaryn. Jenap Putine, Ukrainanyň Prezidenti Jenap Zelenski bilen Türkiýede duşuşyp biljekdigini ýene-de bir gezek ýatlatdym. Garadeňiz goňşymyz Russiýa bilen edýän gatnaşyklarymyzy sebitara we halkara parahatçylyha goşant goşmak maksady bilen ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam ederis” diýdi.

Galla eksporty hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan “20-ä golaý gämi garaşýar. Russiýa, rus harytlary üçin hem töwallaçylyk etmegimizi isleýäris. Degişli ministrliklerimiz meseläniň üstünde işleýär” diýip belledi.



Degişli Habarlar