Çawuşogly gruziýaly kärdeşi bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainada hemişelik ylalaşygyň üpjün edilip bilinmegi üçin 3-nji ýurtlaryň hem goldaw bermeginiň gerekdigini belläp: "Ahyrynda bu söweş diplomatiýa stolunda tamamlanar" diýdi

1860852
Çawuşogly gruziýaly kärdeşi bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gruziýanyň Daşary işler ministri Ilia Darçiaşwili bilen geçiren duşuşygyndan soň, ministrligiň Stambuldaky wekilhanasynda umumy metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Gruziýada uly mukdarda türk maýa goýumlaryň bardygyny we Ilia Darçiaşwili bilen geçiren duşuşygynda türk firmalaryň hem ýagdaýyny ele alandyklaryny aýdan Çawuşogly, Ukrainadaky söweş sebäpli Russiýa we beýleki ýurtlara türk önümlerini daşaýan ýük ulaglarynyň Gruziýanyň territoriýasyny has köp peýdalanmaga başlandygyny mälim etdi. 

Ýük ulaglarynyň Gruziýada käbir meseleler bilen ýüz-ýüze gelýändigini, emma meseläniň çözüwi üçin resmi Tbilisiniň elinden gelýän kömegi edýändigini aýdan Çawuşogly, şol meseleleriň hötdesinden nädip gelip biljekdiklerini kärdeşi bilen ele alandyklaryny habar berdi. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň hem üstünde durup geçen Çawuşogly, 22-nji iýulda Stambulda Türkiýäniň, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gol çekilen "Galla we azyk önümleriniň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz ýagdaýdaky eksporty bilen bagly ylalaşyk resminamasynyň" diňe azyk eksportynyň öňündäki päsgelçiligiň aýrylmagy üçin edilen bir ädim bolmandygyny belläp: "Üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirilse, iki tarap üçin hem örän möhüm ynam artdyryjy ädim bolar" diýip nygtady. 

Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda liderler derejesinde hemişelik ylalaşyk üçin Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň işlerini arakesmesiz häsýetde dowam etdirýändigini aýdan Çawuşogly: "Üçünji ýurtlaryň hem goldamagy gerek. Söweşde ýeňilen ýa-da ýeňen bolmaýar. Her kim ýitgi çekýär. Parahatçylykda hem ýitgi çeken bolmaýar. Adalatly parahatçylyk bolsa bolýar. Ahyrynda bu söweş diplomatiýa stolunda tamamlanar. Iň gysga wagtda taraplary diplomatiýa gaýdyp getirmek üçin Türkiýe hökmünde elimizden gelen tagallany dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar