Prezident Erdogan Eýranly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Sadabad köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi

1856648
Prezident Erdogan Eýranly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
erdoğan.jpg
iran erdoğan reisi.jpg

Prezident R. T. Erdogan düýn agşamara resmi sapar bilen Eýrana gitdi.

Erdogan şu gün irden paýtagt Tähranda resmi dabara bilen garşylandy.

Prezident Erdogan garşylama dabarasyndan soň Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi bilen duşuşdy.

Sadabad köşgünde bolan duşuşyk metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýetleri hem gatnaşdy.

Saparyň çäginde Türkiýe-Eýran ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 7-nji maslahaty Prezident Erdoganyň we Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirler.

Degişli minisrtleriň gatnaşmagynda geçiriljek maslahatda, Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde şeýle hem Siriýanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirler.

Prezident Erdogan soň bolsa, Russiýa Federassiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda, Eýranyň Prezidenti Reisiniň ýer eýeçiliginde paýtagt Tähranda geçiriljek Astana formatyndaky ýedinji üçtaraplaýyn maslahata gatnaşar.

Prezident Erdogan rus kärdeşi bilen özara duşuşyk geçirer.

 



Degişli Habarlar