MHG PKK-a garşy ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugy serhetaşa ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi

1855837
MHG PKK-a garşy ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi

Soňky gezek bolsa Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Izettin Inan täsirsiz ýagdaýa getitildi. 

Terrorçy Izettin Inan Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan Yragyň demirgazygynda ýakyndan gözegçilik astyna alyndy. 

Izettin Inanyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi maksady bilen Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň Garadaky işgärleri işe girişdi.

Terrorçy Izettin Inanyň guramanyň agzalary bilen Duhok-Gara sebitinde maslahat geçirýändigi anyklandy we işe girişildi. 

Geçirilen üstünlikli operasiýa bilen Izettin Inan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Terörist İnan, ekstremist terror guramasynyň Demirgazyk Yrakdaky işlerinde tankydy rol eýeleýärdi. 



Degişli Habarlar