Türkiýäniň Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1854495
Türkiýäniň Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon gürrüňdeşliginde Siriýadaky ýagdaý bilen birlikde Ukraina-Russiýa söweşi we Gara deňizde gallanyň eksporty üçin howpsuz geçelgeleriň emele getirilmegi bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan telefon gürrüňdeşliginde Siriýadaky serhetaşa mehanizmiň giňeldilmegine ähmiýet berýändigini beýan etdi. 

Erdogan BMG-nyň Gara deňizde gallanyň eksporty üçin howpsuz geçelgeleriň emele getirilmegi bilen bagly meýilnama boýunça işe girişmegiň wagtynyň gelendigini beýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweşiň hemişelik we adalatly bir parahatçylyk, gepleşikler ýoly arkaly bes edilmeginiň gerekdigini bellän Prezident Erdogan, Türkiýe hökmünde şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem gepleşikler tapgyrynyň ýaňadandan işjeňleşdirilmegi üçin her dürli goşant goşmaga taýardyklaryny aýan etdi. 



Degişli Habarlar