Akar Roznikow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Goranmak ministri Hulusi Akar Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Resnikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1853793
Akar Roznikow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Akar Türkiýäniň parahatçylygyň üpjün edilmegi we Ukraina ynsanperwer kömek bermek boýunça mundan beýläk hem borjuny berjaý etjekdigini aýtdy.

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde ministr Akar Ukrainada hüjümleriň dessine bes edilmelidigini nygtady.

Akar, ukrain kardeşine Türkiýäniň parahatçylygyň üpjün edilmegi we Ukraina ynsanperwer kömek boýunça şu günki güne çeli bolşy ýaly mundan beýläk hem öz borjuny berjaý etjekdigini aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginde A400M kysymly uçarlaryň Türkiýä howpsuz getirilmegi hakynda pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar