Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1852196
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylaryň ýerlerini ýok etmäge dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza ýene-de 9 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi tarapyndan Mardin welaýatynda 679 harby gullykçynyň gatnaşmagynda "Eren Gabaw-20" atly operasiýa başladyldy. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Ýurdyň içinde terrory dolulygyna ýok etmek maksady bilen geçirilýän Eren-Gabaw operasiýalary halkymyzyň goldawy bilen erjellik we tutanýerlilik bilen üstünlikli ýagdaýda dowam etdirilýär" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar