Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1849198
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ele alyndy. 

Prezident Erdogan we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden telefon söhbetdeşliginde mundan başgada, Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň Döwlet we Hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan ozal sammitiň güntertibi barada pikir alyşdylar. 

Prezident Erdigan Madride ugramadan ozal howa menzilinde beren beýanatynda, şu gün irden ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny, Baýdeniň şu gün agşam ýa-da ertir duşuşyk geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdandygyny, özüniň hem bolup biler diýip jogap berendigini habar berdi. 

Ak Tamdan berilen beýanatda hem Jo Baýdeniň NATO maslahatynda Prezident Erdogan bilen duşuşjakdygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar