Mewlüt Çawuşogly Ysraýylly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen diplomatik wekiliçilik derejesini ilçi derejesine çykarylmagy üçin işe girişendiklerini habar berdi

1847527
Mewlüt Çawuşogly Ysraýylly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýair Lapid bilen geçiren duşuşgyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Lapidiň saparynyň Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklaryny has hem özgertjekdigine ynanýandygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen diplomatik wekiliçilik derejesini ilçi derejesine çykarylmagy üçin işe girişendiklerini habar berdi. 

Ysraýyllylara garşy terror howpy babatynda durup geçen Mewlüt Çawuşogly, Ysraýyl bilen howpsuzlyk babatynda hyzmatdaşlykdadyklaryny belläp: "Bular ýaly görnüşli wakalaryň ýurdumyzda başdan geçirilmezligine, ýurdumyzyň çäklerinde bular ýaly görnüşli hasaplaşmalara, terrorçylykly hüjümlere hiç bir ýagdaýda rugsat bermeris" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly Palestina meselesi babatynda Türkiýäniň iki döwletli çözgüt telibiniň öz güýjüni goraýandygyny beýan etdi. 

Ysraýylyň Daşary işler ministri Lapid bolsa Türkiýe bilen bagly syýahatçylyk duýduryşlaryny üýtgetjekdiklerini, Ysraýylyň ilçisiniň ýakyn wagtda Türkiýä gaýdyp gelmegi üçin ädimler edýändiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar