Diýarbakyrda iki esger şehit boldy
Diýarbakyr welaýatynda geçirilýän Eren Gabaw-18 operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar bilen ýüze çykan çaknyşykda 2 esger şehit boldy
1847189

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynyň obalyk ýerinde geçirilýän "Eren Gabaw-18 Şehit Žandarma kapral Dogan Dagjy" atly operasiýada terrorçylar bilen bolan çaknyşykda, Žandarma güýçlerinden starşina uly seržant Oguzhan Arduç, seržant Turgut Içen we seržant Mustafa Jan Akdogan ýaralandy.
Ýaralanan Arduç we Içen alynyp gidilen hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän, şehit boldy.
Terrorçylaryň tapylmagy we täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin sebite goşmaça harby güýç gönükdirildi.