Mewlüt Çawuşogly Serbiýada saparda bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Serbiýa gitdi

1844278
Mewlüt Çawuşogly Serbiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Serbiýanyň paýtagty Belgratda ýurdyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç tarapyndan kabul edildi. 

Wuçiç we Çawuşogly toparara gepleşikler geçirdiler. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä şu gün Demirgazyk Makedoniýanyň Ohri şäherinde geçiriljek II Prespa Dialog forumyna gatnaşmagyna we forumyň ýokary derejeli açylyş dabarasynda çykyş etmegine garaşylýan Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, forumyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirer we Demirgazyk Makedoniýadaky türk jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşyk geçirer. 

Mewlüt Çawuşoglynyň 19-njy iýuna çenli dowam etjek Balkan ýurtlaryna saparynyň çäginde, Serbiýadan soň Horwatiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa sapar guramagy meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar