Hakkari welaýatynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Penje-Gulp operasiýasynda 18-nji aprelden bäri şu günki güne çenli 220 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1841818
Hakkari welaýatynda PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä Hakkari welaýatynyň Žandarma serkerdeligine degişli Žandarmanyň ýöriteleşdirilen toparlary we Žandarmanyň Komandos toparlary tarapyndan Harby-howa güýçleriniň goldaw bermeginde başladylan Eren Gabaw-2 operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Kawakly diýilýän ýerinde PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýerli howpsuzlyk gullugy, uçarmansyz howa ulagy we gözegçilik işleriniň netijesinde anyklanan terrorçylaryň howa güýçleriniň goldaw bermeginde täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi tarapyndan Muş welaýatynda 578 harby gullukçynyň gatnaşmagynda Eren Gabaw-16 operasiýasy başladyldy. 

Beýeki tarapdan bolsa Yragyň demirgazygynda PKK-a garşy geçirilýän Penje-Gulp operasiýasy sebitindäki gözleg we saplaýyş operasiýalarynyň çäginde köp mukarda ýarag we ok-däri ele salyndy. 

Penje-Gulp operasiýasynda 18-nji aprelden bäri şu günki güne çenli 220 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar