Prezident Erdogan: "Gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Siriýanyň demirgazygynda geçirilmegi meýilleşdirilen operasiýa bilen baglanşykly: "Gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris, gelmägede mejburdyrys" diýip belledi

1834289
Prezident Erdogan: "Gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris" diýdi

Prezident Erdogan Azerbaýjana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýä guralyp bilinjek iň kiçi hüjümiň hem jogapsyz goýmagyň mümkin däldigini aýdan Prezident Erdogan: Siriýanyň demirgazygynda mälim bolan terror guramalarynyň gönügen nokatlary bar. Şol ýerler Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndan demirgazyk-günbataryna çenli ähli şol zolagy öz içine alýar. ABŞ başda bolmak bilen ähli koalisiýa güýçleri gynansagam şol terror guramalaryna örän uly mukdarda ýarag, harby enjam, ok-däri babatynda kömek berýärler we şony häzirki wagtda hem dowam etdirýärler. ABŞ ol ýerde müňlerçe ýük ulaglyk kömek berdi. Kime kömek berýär? PKK, PÝD, ÝPG terror guramalaryna kömek berýär. Şolaryň ählisine kömekler berildi, häzirki wagtda hem dowam edýär. Hat-da olara sebitde harby tälim hem berýär. Bu hakykatlar ortada bolan mahaly biz olary görmediksirän bolalymy? Demirgazyk Yrakda PKK-a we PKK-nyň şahalaryna garşy nähili operasiýa geçiren bolsak, şol bir ýagdaý Siriýa üçin hem öz güýjüni goraýar, olar has hem möhüm" diýip habar berdi. 

"Hemişe aýdyşym ýaly, gijeleriň birinde duýdansyz gelip bileris, gelmägede mejburdyrys" diýip aýdan Erdogan: "Biz şehitlerimizi jogabyny olardan almalyňmy? Ine soňky 2 günde takmynan 30-a golaý terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdik. Demirgazyk Yrakdakylar bilen birlikde häzirki wagtda 100-den gowrak terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Bu tapgyr dowam eder, bes edilmez. Terrorizmiň we terrorçylaryň köküni guradarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Bu meseleler bilen baglanşykly ähli zatdan ozal her kim öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmegi gerek. ABŞ-nyň hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmegi gerek. ABŞ öz üstüne düşýä jogapkärçiligi, ýagny terrora garşy göreşdäki jogapkärçiligini ýerine ýetirmese biz näme ederis? Öz aladamyzy özümiz ederis. Biz bir ýerlerden rugsat alyp terrora garşy göreş alyp barmarys" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar