“Meniň Üçin Mundan Beýläk Mikotakis Diýilýän Adam Ýok”

Prezident Erdogan, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakise reaksiýa bildirdi.

1831203
“Meniň Üçin Mundan Beýläk Mikotakis Diýilýän Adam Ýok”

Prezident R. T. Erdogan, Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakise reaksiýa bildirdi.

“Biz wadasynda duran syýasatçylar bilen ýolumyza dowam ederis” diýen Erdogan, “Meniň üçin mundan beýläk Mikotakis diýilýän adam ýok” diýdi.

Prezident Erdogan, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Beýannamasynda Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklar hakynda durup geçen Erdogan “Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agzalary Gresiýanyň üsti bilen Ýewropa gitmeýärmi? Häzirki wagtda Gresiýada 10-a golaý Amerikan harby bazasy bar. Bu bazalar Gresiaýda näme üçin gurulýar? Gresiýanyň Ýewropa ýurtlaryna 400 milliard ýewrolyk karzy bar. Onuň bilen mart aýynda Stambulda duşuşdyk. 3-nji ýurtlaryň biziň işlerimize goşulmazlygy meselesinde ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Gresiýanyň Premýer-ministriniň geçen hepde ABŞ-na sapar gurandygyny ýatladan Erdogan, “Senatda, Türkiýä garşy tutum alyp barşy ýaly Amerika F-16-laryň Türkiýä berilmezligini maslahat berdi” diýdi.

Prezident Erdogan “F-16-lar meselesinde ABŞ, Mikotakise görä kabul kabul etmez” diýdi.

Erdogan “Gresiýa bilen Strategik geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegini meýilleşdiripdik. Emma mundan beýläk beniň üçin Mikotakis diýilýän adam ýok. Onuň bilen duşuşmagy asla kabul etmeýärin” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar