Türkiýe Täjigistandaky hadysalara alada bildirýär

Türkiýe Täjigistanyň gündogaryndaky Daglyk Badahşan Awtonom welaýatynda başdan geçirilen wakalara ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar berdi

1830175
Türkiýe Täjigistandaky hadysalara alada bildirýär

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Täjigistanyň Daglyk Badahşan Awtonom welaýatynda başdan geçirilen we howpsuzlyk güýçleri bilen birlikde, adam pidalaryna we ýaralanmalara sebäp bolan hadysalara ýakyndan gözegçilik edilýändigi mälim edildi. 

Ýurtda köpçülikleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagynyň umyt edilýändigi bellenen beýanatda: "Wakada ýogalanlara Alladan rehnet, gussaly maşgalalara we doganlyk Täjigistana gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 

Täjigistanyň resmileri, 18-nji maýda ýurdyň gündogaryndaky Daglyk Badahşan Awtonom welaýatynda guramaçylykly jenaýat toparlaryna garşy geçirilen operasiýada 8 adamyň öldürilendigini, 70-den gowrak adamyň saklanandygy mälim edilipdi. 

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, Ruşan etrabynda guramaçylykly jenaýat toparlaryň, içinde esgerler bolan ulag kerwenine garşy guran hüjüminde 1 ofiseriň ýogalandygy, 13 esgeriň bolsa ýaralanandygy aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar