Erdogan Bilen Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň NATO agzalyk üçin eden ýüz tutmasy hakynda pikir alyşdy.

1830213
Erdogan Bilen Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Stoltenberg telefon söhbetdeşliginde Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň NATO agzalyk üçin eden ýüz tutmasy hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň NATO-nyň açyk gapylar syýasatyna içginlik bilen goldaw berýändigini, Şwesiýa we Finlýandiýanyň Türkiýäniň milli howpsyzlygyna bap gelmeýän tutumlary sebäpli şol ýurtlaryň NATO agzalygyna oňyn garamaýandyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň terrora garşy göreşiň başda durmagynda esasy meselelerde Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini açyk aýdyň görkezýänçä, şol ýurtlaryň NATO bolmaklaryna garşy durmaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Türkiýäniň howpsyzlyk aladasynyň ortadan aýrylmalydygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar