Türkiýäniň Goranmak ministri Pakistanyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif bilen duşuşyk geçirdi

1830064
Türkiýäniň Goranmak ministri Pakistanyň Premýer ministri bilen duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif düýn Karaçi portynda gatnaşan Pakistan Milgem taslamasynyň 3-nji gämisi “Badr” atly gämini suwa goýbermek bilen bagly dabaradan soň gepleşik geçirdi.  

Ikitaraplaýyn sebitleýin goranyş we howpsuzlyk meseleleriniň ele alynan duşuşykda, goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň üstünde durulyp geçildi.

Duşuşykda Hulusi Akar, Türkiýäniň we Pakistanyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklar bilen, iki ýurdyň halklarynyň hasratda we şatlykda jebis we agzybirdigini belläp, Türkiýäniň Kaşmir babatyndaky goldawynyň Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan hemişe aýdylyp geçilýändigini habar berdi.

Hulusi Akar, Türkiýäniň we Pakistanyň arasynda harby hyzmatdaşlygyň has hem artdyrylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi. Duşuşyga Pakistanyň Goranmak önümçilik ministri Muhammed Ysrar Tareen bilen Türkiýäniň Yslamabad şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ihsan Mustafa Ýurdakul hem gtnaşdy.



Degişli Habarlar