Zeýtun Şahajygy operasiýasy sebitinde ýaralanan esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1829174
Zeýtun Şahajygy operasiýasy sebitinde ýaralanan esger şehit boldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan minomýot bilen guralan hüjümde ýaralanan esger Haýdar Şenel, ýatyrylan hassahanada şehit boldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "13-nji maýda ýaralanyndan soň hassahanada bejergi astyna alynan Haýdar Şenel, hassahanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmedi we şu gün şehit boldy. Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu hadysada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçleri bilen milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar